- ýasy
- 1) Boýy pes we üsti tekiz bolan, ýazgyn formaly.∙ Ýasy daşlardan örülen uly desgalar häzir hem durlar. (Gadymy Dünýä Taryhy)∙ Sesýetim ýede demir ýoluňdemir ýoluň ýasy raýyşy-da göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Göçme manyda Semiz, ýogyn, küti.∙ Ol orta boýly, ýasy garyn, saryýagyz, mawy gözli, gyrçuw sakgal bir adamdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Megerem, ol öz ýasy ýüzi öňküden hem ulalandyr öýdendir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)◊ ýasy ýanyň ýerde bolmak — seret ýan∙ Ol bolsa, ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)∙ Ol: -- Küle girrik, ýasy ýanyň ýede bolaýsyn, sen indi birinjiligi alyp bilmersiň! -- diýdi. (A. Gowşudow, Eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.